Google ulanyjylarynyň toparyna görä, mahabat döretmekde emeli aňdan peýdalanar

  • 22.04.2023 10:41
  • 4.8k+

Google sarp edijileriň belli bir toparlaryna niýetlenen mahabat kampaniýalaryny döretmekde emeli aňy ulanmak kararyna geldi. Bu barada penşenbe güni Financial Times habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Kompaniýa tarapyndan berlen maglumatlara görä, hünärmenler wideony, şekilleri we tekstleri neýrosete ýükläp bilerler we emeli aň bolsa maksatly diňleýjileri göz öňünde tutup, olardan material döreder.
Google eýýäm ownuk suratlary döretmek üçin botlary ulanýar, ýöne emeli aňyň soňky nesli bolan ChatGPT-iň analogy Bard-yň ornaşdyrylmagy bilen, tutuş mahabat kampaniýalaryny döreder.

OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT çat-boty 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda işe girizildi. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik görnüşinde aragatnaşyk saklaýar. GPT-3.5 dil modeline esaslanýan emeli aň goşmaça soraglara jogap berip, ýalňyşlyklaryny boýun alyp biler, nädogry ýerlerine garşy çykyp, ýerliksiz haýyşlary ret eder.


düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......