Ysraýylda 3D printerde dünýäde ilkinji balyk çap edildi. Ýurduň premýer-ministri ony dadyp gördi

  • 21.04.2023 18:21
  • 28k+

Ysraýylyň  barlaghanada emeli et öndürmekde ýöriteleşen Stakeholder Foods kompaniýasy 3D çaphana tehnologiýasy arkaly dünýäde balyk etiniň ilkinji analogyny döretdi diýip, TASS habar berýär. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu çarşenbe güni  kompaniýanyň  Rehowotdaky  önümçilik ýerine baryp gördi we innowasiýa önümini dadyp gördi diýip, döwlet baştutanynyň diwany habar berýär. 

Onuň sözlerine görä, Stakeholder Foods haýwanlary soýmazdan, barlaghana şertlerinde hakyky et önümlerini öndürýär. "Şu gün kompaniýa dünýäde ilkinji gezek balyk öndürmek üçin 3D printer ulanyp başlady. Premýer-ministr barlaghanada öndürilen balygy we eti dadyp gördi hem-de dürli printerleri gözden geçirdi" - diýip habarda aýdylýar.

Diwanyň habaryna görä, Netanýahu önümçilik desgasyna baryp göreninde: "Adamyň iýmit önümçiliginde bütin dünýäde öwrülişigiň dowam edýändigini we Ysraýylyň alternatiw belok pudagy boýunça gözlegde we işewürlikde dünýä lideridigini" - nygtady.

Premýer-ministr Ysraýylyň hökümetiniň kompaniýalara öňe gitmäge, tehnologiýa liderligini saklamaga we ösdürmäge ýardam bermek  işleýändigini aýtdy. "Bu gün biz balyksyz öndürilen balygy iýdik, sygyrsyz öndürilen et iýdik. Bu bir öwrülişik. Ysraýyl alternatiw beloklar boýunça dünýäde öňdebaryjydyr we biz onuň öňdeligini dowam etmegi üçin alada ederis. Basym  [şeýle önümleri öndürmek üçin] täze çözgütler we  dünýäni üýtgetjek täze belentlikler bolar"- diýip, Netanýahu mälim etdi.


şu gün 10:51
148

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......