Türkmenistan Azerbaýjan bilen haryt dolanyşygynyň mukdary boýunça ilkinji 15 ýurduň hataryna girdi

  • 21.04.2023 17:11
  • 11k+

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwaryndan mart aýyna çenli geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende (38,92 million dollar) 5,4 esse artyp, 211,88 million dollara ýetdi diýip, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň (DGK) maglumatlaryna salgylanýan Trend ýazýar.

Hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjan bilen haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça iň gowy 15 ýurduň hataryna girdi diýip habar berilýär.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 190 million dollar boldy, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 esse ýokarydyr (30,14 million dollar).

Bu döwürde Azerbaýjanyň importynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy geçen ýylyň ilkinji üç aýyndaky 1,03 göterim bilen deňeşdirilende 4,71 göterim boldy.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjandan importyny, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende (8,77 million dollar) 2,4 esse, ýagny  21,88 million dollara çenli ýokarlandyrdy.

Bu döwürde Azerbaýjanyň eksportynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy, 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky 0,11 göterim bilen deňeşdirilende, 0,28 göterim boldy.
2022-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 535,3 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny bellemelidiris.


düýn 22:20
3.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....