Gurbanguly Berdimuhamedow Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 18.04.2023 10:29
  • 30k+

17-nji aprelde Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sapar mahaly boljak duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirip, bu gezekki çäreleriň parlamentara gatnaşyklary berkitmekde, kanun çykaryjy ulgamda tejribe alyşmagyň, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän halkara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny belledi.
Öz gezeginde, Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürýärler.
Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bu pudakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......