Mbappe Fransiýanyň çempionatynda gol sany boýunça “PSŽ-niň” rekordyny täzeledi

  • 16.04.2023 12:19
  • 15k+

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýanyň çempionatynda geçiren gollarynyň sany boýunça klubuň rekordyny täzeledi. Hüjümçi Liga 1-iň 31-nji tapgyrynyň “Lans” bilen oýnunda gol saldy. Bu gol hem onuň üçin parižli toparyň düzüminde Fransiýanyň çempionatyndaky karýerasynda 139-njy boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Öňki üstünlik “PSŽ” üçin oýunlarda 138 gezek tapawutlanan Edinson Kawanä degişlidi. Reýtingde üçünji orny Zlatan Ibragimowiç eýeleýär (113). “Pari Sen-Žermen” “Lans” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Mbappeden başga-da, klub üçin Witinýa we Lionel Messi gol geçirdi.
“PSŽ” 72 utuk toplap, Fransiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde liderlik ornuny berkitdi. Ikinji orny eýeleýän “Lans” indi dokuz utuk yza galýar.
Öň habar berlişi ýaly, “PSŽ-niň” ýolbaşçylygy häzirki möwsümiň ahyrynda düzümde göwrümleýin arassalaýşy geçirmegi meýilleşdirilýär.
GFFN-iň maglumatlaryna görä, pariž kluby eger häzirki Liga 1 çempionatyndaky soňky dokuz oýunda ýeterlik derejede gowy çykyş etmeseler, Lionel Messi, Serhio Ramos, Karlos Soler, Witinýa, Renatu Sanşeş, Fabian Ruis, Huan Bernat we Ugo Ekitike bilen aýrylyşyp biler.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......