«Çaý» restoranynyň somelýesi çaý barada syrlaryny paýlaşdy

  • 16.04.2023 14:05
  • 28k+

Çaý somelýesi barada eşidip gördüňizmi?
Çaý somelýesi diýlip, çaýyň ys hem tagam görkezijilerine baha bermäge, şeýle hem onuň ysyny, düzümini suratlandyrmaga ukyply bolan adama aýdylýar. Kähalatlarda çaý somelýeleri çaýyň dünýäniň haýsy künjeginde ösdürilip ýetişdirilendigini kesgitlemäge hem ukyply bolýar. Başgaça oňa titester hem diýilýär. Iňlisçe «tea» (çaý) hem-de «test» (synag) sözleriniň utgaşmasy.

 

Dünýäde seýrek duşýan bu käriň eýesi Türkmenistanda hem bar. Ol «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Çaý» restoranynda işleýär. Şol çaý ussady hem müşderileriň näme üçin «Çaý» restoranynyň çaýyna eýýäm bir gezekden soň maýyl bolýandyklaryny gürrüň berdi.
Şähdiňi açýan çaý, ýadawlygyňy aýyrýan çaý, gan basyşyňy kadalaşdyrýan çaý, öt halta üçin peýdaly çaý, içege üçin çaý, iýmit siňdirişi gowulandyrýan çaý, çaýdan kokteýl...

Çaýyň ynsan saglygy üçin peýdaly aýratynlyklarynyň bardygyny hemmeler tassyklar, emma onuň haýsy görnüşiniň nähili aýratynlyklara eýedigini welin diňe şol ugurdan ökde hünärmenler has anyk aýdyp biler.
Çaý medeniýeti türkmen halkynda ata-baba dowam edip gelýän oňyn däpleriň biridir. Gelen myhmana ilki bilen çaý hödürlenmegi hem onuň gymmatyny görkezýär. Ýurdumyzda ata-baba dowam edip gelýän çaý medeniýetini döwrebap usulda ösdürmek maksady bilen hem, Türkmenistanda çaý ugruna ýöriteleşen ilkinji hem ýeke-täk «Çaý» restorany açyldy. Restoran ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşaýan ýaşululardan çaý demlemek boýunça ata-baba gelýän tejribelerini bir ýere topladylar. Ýurdumyzda bitýän birnäçe otlary garyp, çaýyň täze görnüşini taýýarladylar. Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň, hususan-da, ýapon, hytaý, hindi çaý medeniýetiniň aýratynlyklary öwrenildi. Şol ýurtlardan ýörite çaýlar getirildi. Türkmeniň halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý — melhem hem ylham» kitaby nusga edildi. Garaz, çaý ugrundan 10 ýyla golaý tejribe toplanyldy.

 

Kofe derek çaý
Kofeniň bu günki gün dünýäde meşhurdygyna şübhe ýok. Emma çaý bilen deňeşdirilende, onuň peýdaly täsirleri asgyn gelip biler. Emma muňa garamazdan, gününi kofesiz başlamaýan adamlar köp. «Çaý» restorany bu ýörelgäni üýtgedip, günüňi çaýdan diňe bir başlap däl, eýsem, günüňi çaý bilen tamamlap bolýandygyny hem ýatladýar. Munuň üçin restoranyň eltip bermek hyzmaty her gün 9:00-dan 22:00-a çenli elýeterlidir.
Ýöne şonda-da, restoranda bar bolan çaýlaryň käbir görnüşini içmek üçin hökmany suratda şol ýere barmaly bolar. Çünki çaý somelýesiniň düşündirmegine görä, çaýlaryň käbir görnüşi gaplara gaplananda peýdaly täsirini gaçyrýar.
«Çaý» restorany sport bilen meşgullanýanlary hem ýatdan çykarmady. Sport bilen meşgullanýanlar üçin türgenleşiklerden soň içilýän çaýdan kokteýl hödürlenilýär.

 

Göwün söhbet islär,
Çaý bir bahana...
«Çaý» restoranynda diňe çaý däl, eýsem, tagamlaryň hem dürli görnüşleri bar. Dowam edýän Oraza aýynda restoran açyk menýusyny hödürleýär.
«Çaý» restoranyna baranyňyzda çagalaryňyzy hem hökman ýanyňyz bilen alyp gelip, çünki siz maşgalaňyz bilen dynç alýan wagtyňyz körpeler restoranyň çagalar meýdançasynda oýnap bilerler. Ene-atalar bolsa, planşetden çagalaryny yzarlap bilerler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 
18-00-20; 18-00-30; 18-00-50
Salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B-1, 33


06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......