Türkmenistan 2022-nji ýylda eksportdan 5,4 milliard dollar girdeji gazandy

  • 14.04.2023 10:30
  • 7.1k+

2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy 5,4 milliard dollar boldy, söwda dolanyşygynyň umumy görkezijisi bolsa 20 milliard dollara ýetdi diýip, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň wekillerine salgylanýan Daryo habarlar gullugy ýetirýär. Muny Orient habar berýär.

2021-nji ýylda söwda balansy bary-ýogy 2,6 milliard dollardan geçipdi, bu oňyn saldonyň mukdarynyň ýylyň dowamynda 2,8 milliard dollar ýa-da 107,7 göterim ýokarlandygyny aňladýar.
2022-nji ýylda Türkmenistan 12,7 milliard dollarlyk önümi eksport etdi, olaryň 80 göterimi energiýa üpjünçiligine düşdi. Geçen ýyl tebigy gazyň umumy eksporty, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60%, elektrik energiýasy bolsa 30% ýokarlandy.
2022-nji ýylda import 7,3 milliard dollar boldy.
Şeýle ýiti ykdysady böküş, uglewodorod üpjünçiliginiň diwersifikasiýasy, ýokary bahaly önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagy we eksporta gönükdirilen pudaklaryň çalt ösmegi bilen düşündirilýär.
Saldo - bu  belli bir döwür üçin nagt girdejiler bilen çykdajylaryň arasyndaky tapawut. Şeýlelik bilen, umumy söwda dolanyşygynda ýurduň oňyn saldosyny eksportdan gelen girdeji diýip atlandyryp bolar.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......