Ýaponiýanyň ilaty yzygider 12-nji ýyl azalýar

  • 13.04.2023 16:08
  • 23k+

Ýaponiýada raýatlaryň sany eýýäm 12-nji ýyl azalýar, 2022-nji ýylda ol 122 mln 31 müň adama barabar boldy diýip, hökümetiň maglumatlaryna salgylanyp, The Japan Times habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende ýurduň raýatlarynyň sany 750 müň adam azaldy, bu 1950-nji ýylda şeýle maglumatlar neşir edilip başlanandan bäri bir ýylyň dowamynda ilat sanynyň azalyşynyň iň ýokary görkezijisidir. Ýaşaýjylaryň sanynyň azalmagy Ýaponiýanyň Tokiodan başga ähli prefekturalarynda hasaba alyndy.
Şol bir wagtyň özünde 15 – 64 ýaş aralygyndaky zähmete ukyply ilat 296 müň adam – 74 mln 208 müň adama çenli azaldy we indi ol umumy ilatyň 59,4%-ini emele getirýär. 14 ýaşly we ondan kiçi ýaşdaky ýaşaýjylaryň sany ilatyň 11,6%-ine çenli azaldy, 65 ýaşly we ondan uly ýaşly adamlaryň sany bolsa 29%-e çenli ýokarlandy.
Ýaponiýada çaga dogluş derejesi 1973-nji ýyldan bäri peselmegini dowam etdirýär, şol wagt görkeziji ýylda 2,09 mln çagady. 2016-njy ýylda bir ýylda dünýä inen çagalaryň sany 1 milliondan aşak düşdi. 2022-nji ýylda Ýaponiýada 1899-njy ýyldan bäri ilkinji gezek 800 müňden az çaga dünýä indi.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......