Demokratlar ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärini 2024-nji ýylyň awgustynda hödürlärler

  • 13.04.2023 11:17
  • 9.5k+

ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň prezidentlige resmi taýdan dalaşgär hödürlejek konferensiýasy 2024-nji ýylyň 19-22-nji awgustynda Çikagoda geçiriler. TASS agentliginiň habaryna görä, bu barada sişenbe güni Chicago Sun-Times gazeti ýazdy.

Neşir Ak tamyň bu meýilnamalar barada şäher häkimligine eýýäm habar berendigini belleýär.
Respublikan we Demokratik partiýalar, adatça, saýlawdan öň tomusda prezidentlige dalaşgär yglan ediljek konferensiýalaryny geçirýärler. Düzgün bolşy ýaly, dalaşgär deslapky saýlawlaryň netijeleri bilen kesgitlenýär, ýöne güýçli dalaşgärleriň birnäçe deslapky saýlawlarda takmynan birmeňzeş ses alanam bolsa, konferensiýa gatnaşyjylaryň sesi aýgytly rol oýnap biler.
Ondan öň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak isleýändigini birnäçe gezek mälim edipdi, emma şu wagta çenli dalaşgärliginiň resmi hödürlenmegini yza süýşürdi.


08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......