Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutladylar

  • 12.04.2023 10:28
  • 50k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutladylar.

«Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz» diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.
«Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Goý, älemi öwrenmäge we özleşdirmäge, giň jahanymyza akyl ýetirmäge goşant goşýan hünär işiňizde Size hemişe üstünlik hemra bolsun!» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow öz hatynda belledi.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......