Eminler topary 2023-nji ýylyň iň gowy awtoulagynyň haýsydygyny aýtdylar

  • 11.04.2023 10:20
  • 20k+

World Car Of The Year (WCOTY) bäsleşiginiň emin agzalary “Ýylyň bütindünýä awtoulagyny” kesgitledi diýip, WCOTY-nyň resmi saýtynda aýdylýar. Bäsleşigiň bilermenler toparyna dünýäniň dürli künjeklerinden 100-den gowrak awtoulag žurnalisti girýär.

Ýylyň dünýä awtoulagy diýen ady almak ugrunda on model özara bäsleşdi. Şeýle-de bolsa, bu hormatly ada Koreýanyň Hyundai Ioniq 6 elektrik awtoulagy mynasyp boldy. Üstesine-de, ol birbada üç baýrak aldy. Agzalan elektrokar ýylyň dünýä awtoulagy diýen ada eýe bolmakdan başga-da, bu kategoriýalarda Lusid Air-dan we Land Rover Range Rover -dan ozduryp, “Ýylyň elektrik awtoulagy” we "Ýylyň dizaýny" atlaryna eýe boldy. Geçen ýyl bu baýraklaryň üçüsinem Koreýanyň elektrik awtoulagy - Hyundai Ioniq 5 -iň alandygyny ýatladýarys.
Emin agzalary amerikan sedany Lucid Air-i  BMW 7 Series-den we Genesis G90-dan öňe geçen iň gowy premium awtoulag diýip atlandyrdylar. Citroen C3 iň gowy şäher awtoulagy boldy. Onuň bilen Hytaýyň Ora Haomao-sy we Volkswagen Nivus-y bäsleşdi. Iň oňat sport awtoulagy Kia EV6 GT boldy. Ol Ýaponiýanyň Toyota Yaris GR-syndan we Nissan Z -inden ozdurmagy başardy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....