Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna marafon aralygynda sport ýörişi boýunça garyşyk estafeta girizildi

  • 11.04.2023 10:31
  • 6.5k+

Bütindünýä Ýeňil atletika assosiasiýasy ilkinji gezek 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda geçiriljek sport ýörişi boýunça täze garyşyk ýaryş bilen tanyşdyrdy. Bu barada russian.news.cn habar berýär. Marafon aralygynda sport ýörişi boýunça täze garyşyk estafeta erkekleriň 50 km aralyga marafonynyň ornuny tutar. Oňa 25 topar gatnaşar. Toparlaryň her biri bir erkek we bir zenan türgenden ybarat bolup, olar “takmynan deň uzynlykdaky” dört bölegi gezekleşip geçip, 42,195 km aralygy geçmeli bolarlar.

World Athletics-iň belleýşi ýaly, marafon aralygynyň saýlanmagy “onuň ýeňil atletikanyň meşhur görnüşidigi we Olimpiýa oýunlarynyň taryhy däpleri bilen baglanyşyklydygy” bilen düşündirilýär.
Estafeta erkekleriň we zenanlaryň 20 km aralyga sport ýörişi boýunça ýaryşlary bilen bir ýolda geçiriler. Hasaba görä, aralyk, takmynan, üç sagatda geçiler.

“Täze ýaryşyň formaty onuň innowasion, dinamiki we üýtgeşik häsiýetli boljak görnüşinde oýlanyp tapyldy. Biz ýaryş janköýerlere düşnükli bolup, gyzykly göreş bilen tapawutlanar we, iň möhüm ýeri, ýeňil atletika boýunça Olimpiýa ýaryşlarynda ilkinji gezek doly derejeli gender deňligini üpjün eder diýip hasaplaýarys” – diýip, guramanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Jon Rijon belledi.

Assosiasiýa täze dissiplina boýunça toparlaýyn saýlama ýaryşlarynyň nähili geçiriljekdigi barada maglumatlary heniz hödürlemedi.


düýn 20:10
7.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....