Toyota 2026-njy ýyla çenli ýylda 1,5 mln elektromobil satmagy meýilleşdirýär

  • 09.04.2023 19:01
  • 15k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp. awtomobil konserni 2026-njy ýyla çenli ýylda 1,5 mln elektromobil satmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroki Nakadzima aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär.

Geçen ýyl kompaniýa bary-ýogy 24 müň elektromobil satdy diýip, MarketWatch belleýär.
2026-njy ýyla çenli Toyota elektrik hereketlendirijisi bilen işleýän 10 sany täze modeli hödürlemegi meýilleşdirýär. Şol sanda 2024-nji ýyldan kompaniýa Hytaýyň bazaryna iki sany täze modeli çykarar, 2025-nji ýylda bolsa ABŞ-da elektrik hereketlendirijili ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulaglaryň önümçiligine başlar.
2021-nji ýylyň ahyrynda Toyota 2030-njy ýyla çenli ýylda 3,5 mln elektromobil satmak maksadynyň bardygyny aýtdy. “Biz bu maksada tertipnama boýunça barýarys” – diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Ýoiti Miýadzaki belledi.
Ýylyň başyndan bäri Toyota-nyň kapitallaşdyrmasy üýtgemedi diýen ýaly, Nikkei 225 indeksi bolsa 5,5% ýokarlandy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......