Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürleri Arkadag şäherinde gurluşyklara gatnaşmaga çagyrdy

  • 06.04.2023 08:49
  • 39k+

5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan dürli maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türkiýeli işewürleriň çagyrylmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen bilelikde Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýerine tarap ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäheri, onuň döreýiş taryhy, şäherde bar bolan desgalar hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde eýýäm Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlandygyny aýdyp, türkiýeli işewür toparlary bu merkeziň ýanynda çagalar üçin niýetlenen dürli önümleriň, derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy D.Orazowa Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdyrmagy tabşyrdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......