Forbes 2023-nji ýylda Ýer ýüzüniň iň baý adamlarynyň reýtingini düzdi

  • 05.04.2023 12:05
  • 23k+

Forbes žurnalynyň habaryna görä, LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno 2023-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada maglumat sişenbe güni neşiriň saýtynda peýda boldy.

Onuň berýän maglumatyna görä, LVMH-iň düşewündi, girdejileri we paýnamalary hemişe rekord derejede ýokary. Şeýlelik bilen, soňky 12 aýda Arnonyň baýlygy 53 milliard dollar artyp, 211 milliard dollara ýetdi, bu milliarderleriň arasynda iň uly girdeji boldy.
Tesla we SpaceX-iň ýolbaşçysy hem-de Twitter-iň eýesi, sanawda öň birinji orunda bolan Ilon Mask ikinji ýeri eýeledi. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Mask 39 milliard dollara çenli ýitirdi, baýlygy 180 milliard dollar diýlip baha berilýär.
114 milliard dollar baýlygy bilen üçünji orny Amerikanyň Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeledi. Amazon-yň paýnamalarynyň 38% pese gaçmagy sebäpli Forbes-iň sanawynyň ikinji hataryny eýelän Bezos takmynan 57 milliard dollar ýitirip, üçünji ýere düşdi.
Ýer togalagynyň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinji on lideriň arasynda Oracle korporasiýasynyň esaslandyryjylaryndan we ýolbaşçylaryndan biri bolan amerikaly Larri Ellison (107 milliard dollar), Amerikanyň Berkshire Hathaway kompaniýasynyň maýa goýum gaznasynyň başlygy Uorren Baffet (106 milliard dollar), Amerikanyň Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts (104 milliard dollar), amerikaly telekeçi we syýasatçy Maýkl Bloomberg (94,5 milliard dollar), meksikaly telekeçi Karlos Slim Elu (93 milliard dollar), hindi Reliance Industries-iň başlygy Mukeş Ambani (83,4 milliard dollar) we Amerikanyň Microsoft kompaniýasynyň öňki baş direktory Stiwen Ballmer (80,7 milliard dollar) bar.
Sanawdaky soňky 25-nji ýeri Nike-yň esaslandyryjylarynyň biri Fil Naýt eýeledi. ByteDance kompaniýasynyň we TikTok-yň esaslandyryjysy Çžan Imin 26-njy orny eýeläp, bu sanawa girip bilmedi.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......