Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

  • 04.04.2023 23:48
  • 10k+

Şu gün, 4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede ýakyn wagtda geçiriljek Prezident saýlawlarynda Rejep Taýyp Ärdogana üstünlik gazanmagyny arzuw etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn ösýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişligine aralaşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär.
Işewür Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýän turbalaryň önümçiliginiň ýola goýlandygyny belledi we bu önümleriň Türkmenistan üçin niýetlenendigini hem-de olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýändigini nygtady. 
Türkiýeli işewür häzirki döwürde iki ýurduň ahyrynda ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini we köp ýyllaryň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady. Şeýle hem ol Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga höwes bildirýän türkmen ýaşlarynyň kabul edilýän möçberleriniň artdyrylýandygyny belleldi.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa 2015-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesinde işleýän döwründe Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwesitetiniň «Hormatly doktor» diýen ýokary derejäniň berlendigini, ýokary okuw mekdebinde uly buýsanç bilen ýatanylýandygyny nygtady.  


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......