Ärdogan Türkiýäniň Togg elektrik krossoweriniň ilkinji eýesi boldy

  • 04.04.2023 17:32
  • 46k+

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede öndürilen Togg elektrik krossoweriniň ilkinji eýesi boldy. Ol özüne gök reňkli awtoulagy saýlady diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda geçen tanyşdyrylyş dabarasynda gyzyl we gök reňkli iki sany elektrik awtoulagy görkezildi. Ärdogan aýaly Emine bilen bilelikde çärä gatnaşdy. Indiki Togg elektrik awtoulagyny Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýew alar.
Awtoulagyň önümçiliginiň geçen ýyl başlandygyna garamazdan, onuň haryt ady henizem belli däl. Resmi web sahypasynda oňa Togg-C SUV diýilýär. 2024-nji ýylda markanyň ikinji awtoulagy Togg-C Sedan bolmaly.
Ilkinji seriýaly türk elektrik awtoulagynyň bahasy 1 milliondan 1,6 million lira çenli. Ilkinji müşderiler sargyt edilen awtoulaglary şu aýdan alyp başlarlar. Türkiýede elektrik ulaglaryna bolan islegi höweslendirmek üçin 2000 töweregi zarýad beriş stansiýasy oturdyldy.
Togg-C SUV ulagynyň esasy toplumy 204 at güýji bolan bir sany elektrik hereketlendirijisi bilen standart gelýär. Bir zarýadda ýöreýiş ätiýaçlygy 314 kilometre barabardyr. Has ösen görnüşi 408 at güýji we 500 kilometrden gowrak özbaşdaklygy bolan goşa hereketlendirijili bolar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......