Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçy düzüminiň sanawy aýdyldy

  • 02.04.2023 22:30
  • 22k+

1-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, bu gazna Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlaryna, şeýle hem oňyn halkara tejribelerine laýyklykda döredilen we degişli hukuk derejesine eýe bolan dünýäde ilkinji gazna bolup durýar.
Maslahatyň barşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň ýolbaşçy düzümleriniň sanawy barada belledi. Bellenilişi ýaly, Haýyr-sahawat gaznasynyň düzümi onuň prezidentinden hem-de orunbasaryndan, iş dolandyryjysynyň wezipesinden, gaznanyň başlygynyň kömekçisinden, gaznanyň media habarlar wekilinden ybarat bolar. Şeýle hem gaznanyň düzüminde hukukçynyň hem-de hasapçynyň iş orunlary dörediler. Bu ýolbaşçylar işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda alyp bararlar.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......