Maý aýynda Türkmenistanda Özbek kinosynyň günleri geçiriler

  • 02.04.2023 17:14
  • 8k+

Maý aýynda Türkmenistanda Özbek kinosynyň günleri geçiriler. Özbek tarapynyň islegini göz öňünde tutup, bu medeni çäre diňe bir Aşgabatda däl, eýsem, Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetleşýän welaýatlarynyň merkezlerinde hem geçiriler diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Döredijilik çärelerine meşhur özbek artistleriniň hem-de kinematografçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräni geçirmek hakynda ylalaşyk Özbegistandaky türkmen ilçisi Ýazguly Mämmedowyň Daşkentde Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň baş direktory Şuhrat Rizaýew bilen geçiren duşuşygynyň barşynda gazanyldy.
Özbegistanda Türkmen kinosynyň günlerini sentýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 15:15
843

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....