RF-niň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan talyplar üçin ýerleri artdyrmak mümkinçiligi öwrenilýär

  • 01.04.2023 11:00
  • 23k+

Rossotrudniçestwo we degişli türkmen edaralary Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynyň orta hünär we ýokary bilim edaralarynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ýerler üçin kwotalaryň köpelmegini sorady. Bu barada  Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretary  Ýuliýa Zaýsewa  aýtdy, diýip TASS habar berýär.

«Russiýanyň hökümeti geljek ýylda Türkmenistan üçin 250 býujet ýeriň kwotasyny bölüp berdi. Ýüz tutmalaryň sany bolsa 2 müňden hem gowrak”, diýip, Zaýsewa aýtdy.
“Şu ýyl kwotalaryň 500-e çenli ýokarlandyrylmagyny haýyş etdik. Şeýle teklip bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi Russiýanyň Bilim we ylym ministrligine ýüz tutdy” diýip, Zaýsewa düşündirdi.

Dalaşgärler distansion (uzak aralykdan) test barlagyny tabşyrmaly we söhbetdeşlikden geçmeli. Şonuň netijelerine esaslanyp, Russiýanyň uniwersitetlerine ýazylmak barada karar kabul ediler.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......