Türkmenistanda deputat saýlawlarynyň ahyrky netijeleri jemlenildi

  • 29.03.2023 23:50
  • 23k+

29-njy martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.

Aşgabadyň hem-de welaýat saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasyndaky maglumatlara görä, tutuş Türkmenistan boýunça:

  • 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşyna 125 deputat saýlandy;
  • 2 müň 516 dalaşgärden, 240 welaýat we 960 etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalary saýlandy;
  • 12 müň 98 dalaşgärden 5 müň 897 Geňeş agzalary saýlandy.

Saýlanan deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň hatarynda Demokratik partiýanyň 3 müň 320 wekili, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 304 wekili, Agrar partiýasynyň 1 müň  513 wekili, raýatlar toparlarynyň 2085 wekili bar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň , şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň sanawyna seredildi we tassyklanyldy. Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, bu sanawlar ýakyn günlerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.


şu gün 11:41
81

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
129

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......