iPhone 15 Ýewropada SIM karta üçin ýeri bolmazdan çykar

  • 29.03.2023 11:28
  • 26k+

Apple Ýewropadaky fiziki SIM karta goldawy bolan smartfonlary goýbermegi bes eder. Bu barada iGeneration blogynda habar berildi diýip, lenta.ru ýazýar.

HBS-niň awtorlarynyň hasabatyna görä, Apple Ýewropada SIM karta üçin ýeri bolan smartfonlary öndürmegi bes eder. 2022-nji ýylda kompaniýa iPhone 14 seriýasyny hödürledi - ABŞ-da modeller adaty SIM karta üçin ýersiz satyldy. Munuň ýerine sarp edijilere integrirlenen elektron SIM kartany (eSIM) ulanmak teklip edildi.
Insaýderlere mälim bolşy ýaly, SIM kartasyz iPhone hökman fransuz bazaryna çykar. Şeýle-de bolsa, Apple-iň aýratyn artikullary ýok we şoňa görä-de, dürli Ýewropa ýurtlarynyň bazarlary üçin smartfonlaryň modifikasiýalary hem ýok. Netijede, eSIM-li  iPhone 15 enjamlary tutuş sebitde peýda bolar.
Cult of Mac neşiriniň žurnalistleriniň pikiriçe, integrirlenen elektron SIM kartalar,  olary resmileşdirmek üçin operatoryň ofisine ýörite baryp ýörmezlik artykmaçlygyna eýe. Şeýle hem, abonent SIM kartany aýyrmazdan prowaýderleriň arasynda ondan-oňa çalt geçip biler. Şeýle-de bolsa, eSIM tehnologiýasy henizem ähli bazarlarda meşhur däl.


24.04.2026 15:00
5.1k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...