BAE bilim ulgamyna ChatGPT-ni ornaşdyrmakçy bolýar

  • 28.03.2023 23:13
  • 9.4k+

The National-yň hasabatyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümet ýolbaşçylary iň uly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda tutuş ýurtda ChatGPT çat-botuna esaslanýan onlaýn-mugallymlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bilim ministriniň pikirine görä, bu talyplaryň biliminiň hilini ýokarlandyrar, derrew seslenme tapar we okuwy has interaktiwleşdirer.

"Bütin dünýäde ylym we bilim tehnologiýasynyň ösüşi  çaltlaşdygyça okatmagyň adaty usullary üýtgedilýär we innowasiýanyň gurallary bolsa interaktiw we uzak aralykdan okamak arkaly synp otagynda öwrülişik edýär" - diýip, Dubaýda  Geljegiň muzeýinde geçen Alef bilim sammitinde Ahmad Al Falasii aýtdy.

BAE COVID-19 döwründe, ähli bilim onlaýn ýagdaýda geçirilmeli bolanda tehnologiýanyň nähili peýdaly bolup biljekdigini ilkinji bolup gördi. Şondan bäri ýurt durmuşyň ähli ugurlarynda,  şol sanda mugallym hökmünde GPT esasly emeli intellekti hem öz içine alýan täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrýar.
Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň beýleki mugallymlary synpda generatiw emeli aňyň ulanylmagyny gadagan edýärler we BAE-däki ýerli habar beriş serişdeleri ministr Ahmad Al Falasiiniň bu teklibini ChatGPT-iň özüniň döredendigini we aýdandygyny tassyklaýarlar.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......