Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 27.03.2023 22:57
  • 17k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» AGPJ-niň baş direktory – müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän “Demirgazyk-Günorta” ulag – logistika geçelgesiniň demir ýolunyň mümkinçilikleriniň Russiýadan Eýrana hem-de soňra Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine we ýene-de şol ugur boýunça garşy tarapa yzygiderli konteýner gatnawlaryny ýola goýmak arkaly doly herekete girizmegiň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň bähbitlerine laýyk geljekdigini belledi.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrofikasiýalaşdyrmak, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljegi uludyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu babatda russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy beýan edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar üçin ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......