Özbegistanda 80 metrlik şaurma taýýarlandy

  • 24.03.2023 12:58
  • 33k+

Özbegistanyň Namangan şäherinde ýurtda iň uly lawaş taýýarlandy, ondan 80 metrlik şaurma ýasadylar. Ýerli neşirleriň habaryna görä, ajaýyp tagam Eýran we türki halklaryň arasynda astronomiki gün senenamasyna laýyklykda baharyň we täze ýylyň baýramy bolan Nowruzyň hormatyna taýýarlandy.

Jemi ýüz adam tarapyndan taýýarlanan we togalanan lawaşda 80 kg et, 40 kg pomidor we hyýar, 15 kg gowrulan kartoşka hem-de 20 litr sous bar. Önümiň agramy 160 kg. Öňki milli rekord Daşkentdäki 31,5 metrlik lawaşa degişlidi.
Emma, bu şaurma dünýä rekordyna-da ýakynlaşmady. Russiýanyň Rekordlar kitabyna görä, iň uzyn şaurma 2022-nji ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburgdaky Vokzal 1853 azyk söwda merkezindäki Vlavaşe restoranynyň aşpezleri tarapyndan taýýarlanypdyr. Onuň uzynlygy 151 m, agramy 245,7 kg.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......