Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi

  • 24.03.2023 07:46
  • 8.6k+

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi, netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň assosirlenen agzasy hökmünde GDA-nyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, obasenagat toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda, işewür düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
GDA-nyň çäklerinde parlamentler derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......