Şu ýylda Türkmenistandan 155 dalaşgär Hytaýyň ýokar okuw mekdeplerine iberiler

  • 24.03.2023 06:24
  • 16k+

Türkmenistandan 155 sany raýat geljek okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin ugradylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Okuwlar maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy, bilim we pedagogika ylmy, inženerçilik, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar.
Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.
Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.
Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.
Seçip alyş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçe, 169.
Telefon belgileri: 39-85-6239-85-25.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......