Astanada Nowruz kožesini taýýarlamak boýunça Gazagystanyň rekordy goýuldy

  • 24.03.2023 05:56
  • 10k+

Nowruz baýramçylygynyň bellenýän günlerinde Astanada baýramyň esasy tagamy bolan Nowruz kožesini taýýarlamak boýunça rekord goýuldy. Bu barada paýtagtyň akimatynyň resmi saýtyna salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Gazagystanyň rekordynyň goýlandygyny tassyklaýan şahadatnama Astananyň akimatyna we “Baýkonyr” sebitiniň akimatyna berildi. Jemi 2 100 litr Nowruz kožesi taýýarlandy. Rekord 2023-nji ýylyň 22-nji martynda hasaba alyndy.
Milli tagama öwrülen tagamly we peýdaly çorbany taýýarlamak üçin aşpezlere dogry bir gün, ýüzlerçe kilogram bugdaý, tüwi we et gerek boldy. Taýýar nahar Atatürk seýilgähiniň myhmanlaryna hödürlendi.

“Iki tonnadan gowrak Nowruz kožesi – hakyky rekord. Öň koženi taýýarlamak boýunça iň gowy görkeziji türkestanlylara degişlidi. Iki ýyl mundan ozal olar 2 müň litr Nowruz kožesini taýýarladylar. Şu gün bu rekord resmi taýdan täzelendi” – diýip, Gazagystanyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Kuandyk Kudaýbergenow belledi.

Aşpez Gülnara Žumabekowa Nowruz kožesiniň 60 – 150 litr göwrümli 10 gazanda taýýarlanandygyny, soňra olaryň her birine 95 litr tagam ýerleşen 20 bidona guýlandygyny aýtdy.


19.06.2026 11:22
4.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....