Türkmenistandan Ukraina ynsanperwerlik ýüki ugradyldy

  • 22.03.2023 23:19
  • 38k+

Şu gün, 22-nji martda Türkmenistandan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwer kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň adyndan ugradyldy.

Ukraina ugradylan ynsanperwerlik ýüki Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Dokma senagaty ministrliklerine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň, dokma önümleriniň hem-de dürli görnüşli azyk harytlarynyň toplumyndan ybarat boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ukrain halkynyň çagalary üçin niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýakynda ýurdumyzyň milli raýat awiasiýasynyň ygtyýaryna gelip gowşan «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçarynda ugradyldy.
Öň, TmCars Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekendigini habar berdi.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......