"Gazprom” Hytaýa gündelik gaz ibermekde täze taryhy rekord goýdy

  • 22.03.2023 16:38
  • 14k+

20-nji martda “Gazprom” Hytaý tarapynyň şertnamadaky gündelik borçnamalardan ep-esli ýokary bolan islegini kanagatlandyryp, "Sibiriň güýji" boýunça Hytaýa gündelik gaz ibermekde täze taryhy rekord goýdy. Bu barada holdingiň habarynda aýdylýar.

"20-nji martda Hytaý tarapynyň "Sibiriň güýji"  gaz geçirijisi boýunça rus gazyny almak baradaky sargydy gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan ep-esli ýokary boldy. "Gazprom" talap edilýän mukdary üpjün etdi we Hytaýa gündelik gaz ibermekde täze taryhy rekord goýdy" - diýip habarda aýdylýar.

Üpjünçilik "Gazprom" bilen CNPC-iň arasynda ikitaraplaýyn uzak möhletli gaz satyn almak we satmak şertnamasynyň çäginde amala aşyrylýar diýip, kompaniýada ýatlatdylar.
2022-nji ýylyň ahyrynda Russiýa “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa rekord derejede 15,5 milliard kub metr gazy eksport etdi. Şol bir wagtyň özünde, ýakyn ýyllarda “Gazpromyň” Hytaýa eksportynyň umumy mukdary  ýylda  48 milliard kub metr, Mongoliýanyň üsti bilen çak edilýän tranzit gaz geçirijisini göz öňünde tutsaň bolsa -  ýylda takmynan 100 milliard kub metr  gaza   ýeter diýip, "Gazpromyň" başlygy Alekseý Miller belledi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....