Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşjak 3,5 million saýlawçy hasaba alyndy

  • 19.03.2023 11:50
  • 10k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alnan saýlawçylaryň sanynyň 3,5 milliondygyny aýtdy.

"2023-nji ýylyň 12-nji martyna çenli ýurtda 3 496 475 saýlawçy hasaba alyndy. Daşary ýurtlarda 13 078 saýlawçy ses berer" - diýlip habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda 2644 saýlaw uçastogynyň, şeýle hem olaryň 42 sanysynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda döredilendigi bellenilýär. Saýlaw toparynyň 23 000-den gowrak agzasy saýlawlary geçirmek üçin guramaçylyk işlerini alyp barýarlar.
Saýlawlara 2 855 milli synçy we BMG, GDA, Türki döwletleriň guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy,  Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar  we adam hukuklary býurosy ýaly halkara guramalaryň wekilleri gözegçilik eder. Şeýle-de, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň  wekilleri  geler.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 240 saýlaw uçastogyny wideo kameralar bilen enjamlaşdyrmak üçin iş alyp barýar. Ses berişlik 26-njy martda ýerli wagt bilen 07:00-dan 19:00-a çenli Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda göni ýaýlymda görkeziler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 26-njy martda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary saýlanar.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......