19-20-nji martda Serdar Berdimuhamedow Katara resmi sapar bilen gider

  • 17.03.2023 23:38
  • 7.8k+

19-20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletine resmi saparyny amala aşyrar. Häzirki wagtda resmi sapara taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

17-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabr aýynda ýola goýuldy.
Häzirki wagtda, türkmen-katar gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady 25  resminamadan ybarat bolup durýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde  bilelikdäki Hökümetara toparynyň işi uly ähmiýete eýedir. Onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dowamynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow Katara sapar bilen bardy we Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....