Serdar Berdimuhamedow Katarda dünýä çempionatynyň duşuşygyna tomaşa etdi

  • 04.12.2022 09:34
  • 29k+

3-nji dekabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Halifa stadionynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.
Belläp geçsek, şol duşuşykda Niderlandlar ABŞ-ny 3:1 hasabynda ýeňdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow futbol oýnuna tomaşa etmegini tamamlandan soň, «Halifa» stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.


03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......