Türkmenistanyň ähli saýlaw okruglarynda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

  • 17.03.2023 16:36
  • 11k+

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda guraldy. Ýurdumyzda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......