Ženewada Türkmenistanyň BSG-e girmeginiň ugurlary maslahatlaşyldy

  • 15.03.2023 23:22
  • 6k+

Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BSG-e goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekiliýetiň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.
Agzalan halkara guramalaryň wekilleri hem öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, BSG bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine umyt bildirdiler.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......