Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda ýokary bilim maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär

  • 14.03.2023 12:13
  • 25k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada bildiriş «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary seçip alyş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda saýlanýar.
Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2023-nji ýylyň 15 — 22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • — Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga boýunça sowalnamasy;
  • — umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
  • — COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
  • — soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • — seçip alyş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär.
Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.
Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.
Seçip alyş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçe, 169.
Telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......