Aşgabatda Gurtly ýaşaýyş toplumynda köp öýli 46 sany ýaşaýyş jaýlary gurlar

  • 14.03.2023 10:34
  • 25k+

Aşgabatda Gurtly ýaşaýyş toplumynda dört gatly 46 sany täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär.  46 sany ýaşaýyş jaýyň 16-sy 68 öýli, 30-sy 40 öýli jaýlardan ybarat bolar. Şeýlelikde Gurtly ýaşaýyş toplumynda 2200-den gowrak täze öý peýda bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda degişli bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.
Ýaşaýyş toplumynda şeýle hem 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, seýilgäh, söwda-dynç alyş merkezi we ýedi sany iki gatly söwda we hyzmat öýleri gurlar.
Bäsleşik ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny, daşarky eltiji we içerki agyz suw hem-de lagym geçiriji ulgamlary öz içine alýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 25-nji apreline çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......