DIM: şu wagta çenli daşary ýurtdaky türkmen raýatlarynyň 200 müň töwereginiň pasporty täzelendi

  • 14.03.2023 10:20
  • 42k+

Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýädäki kyn epidemiologiki hem-de tebigy we tehniki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çärelerini dowam etdirýär.

Raýatlarymyzyň daşary ýurtda galmak ýagdaýyny berkitmek üçin çözgüt tapmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek, Türkmenistana gelmek, daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşamak ýa-da hemişelik ýaşamak üçin, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda gutaran ýa-da gutarýan pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan şahsyýet resminamasynyň (12/31/2024-e çenli) uzaldylmagy barada bellik goýulýar.
Şu wagta çenli daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň 200 müň töwereginiň pasporty täzelendi.
DIM-de bellemeklerine görä, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň pasportlaryny uzaltmak tejribesi dowam edýär.
Mundan başga-da, geçen döwürde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň ýerlerdäki raýatlarymyza amaly kömek bermek üçin birnäçe saparlary guraldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti Russiýa Federasiýasyndan, Belarus respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Germaniýa Federal Respublikasyndan, Polşa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we ş.m.Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýtmak üçin onlarça ýörite uçuşlaryny gurady. Şol bir wagtyň özünde olaryň käbirleri muzdsuz esasda geçirildi.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......