Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

  • 12.03.2023 10:25
  • 22k+

11-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň barşynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygyna ýüzlenip, bu ýerde hereket edýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň işini talabalaýyk guramak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäher Alyjylar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu ýerde söwda hem-de hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Söwda dükanlarynda we beýleki düzümlerde söwdany ýola goýmagyň täzeçil usullary ýerine ýetirilmelidir. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde sargyt edijileriň harytlaryny  we önümlerini eltip bermek üçin niýetlenen ulaglaryň bezeg aýratynlyklarynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň rektory P.Baýramdurdyýewe ýüzlenip, täze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň guramaçylyk meselelerine hemmetaraplaýyn esasda girişmegi tabşyrdy. Şunda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümleri hünär taýdan taýýarlaýyş okuwlaryny geçmelidirler.
Halk Maslahatynyň başlygy Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli gulluklaryň edara-binalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda işgärler üçin bolşy ýaly, ilatymyz üçin zerur bolan maglumatlaryň ýerleşdirilmegine, iň esasy bolsa, sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......