Türkiýe dünýäniň iň iri altyn satyn alyjysy adyny saklady

  • 10.03.2023 21:18
  • 19k+

Türkiýäniň Merkezi banky ýanwar aýynda 23 t altyn satyn aldy, bu hem ony bu döwürde dünýäniň iň uly gymmat metal satyn alyjysyna öwürdi. Altyn boýunça Bütindünýä geňeşiniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda 565 t altyn bolup, bu taryhy gözegçiligiň dowamynda iň ýokary görkezijidir. Bu barada forbes.kz belleýär.

Hytaýyň Halk banky we Gazagystanyň Milli banky degişlilikde 15 t we 4 t metal satyn alyp, ululygy boýunça ikinji we üçünji altyn satyn alyjylary boldular.
Altyn inflýasiýadan gorag serişdesi hökmünde Türkiýäni dünýädäki iň uly metal satyn alyjysyna öwürýär diýip, Bloomberg belleýär. Altyn ony walýuta we inflýasiýa basyşyndan ätiýaçlandyryş hökmünde ulanýan öý hojalyklarynyň arasynda-da meşhur harytdyr.
2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe weýran ediji ýertitremeleriň ykdysady täsirini gowşatmak üçin altynyň importyny wagtlaýyn togtatdy. Mundan başga-da, hökümet altyn importyny ýurduň maliýe ulgamy üçin iň uly howp diýip hasaplaýar. 2022-nji ýylda Türkiýäniň häzirki amallarynyň hasap ýetmezçiligi 48,8 mlrd dollara çenli artyp, azyndan soňky on ýylda iň ulusy boldy.
Umuman alanyňda, 2022-nji ýylda Türkiýe 20,4 mlrd dollarlyk altyn import etdi. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda gymmat bahaly metallaryň importy 656% - 5,4 mlrd dollara çenli ýokarlandy, 68,3 t aýlyk rekord goýuldy.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......