«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy

  • 08.03.2023 12:33
  • 8.3k+

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň ikinji sany okyjylara gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredildi.

Žurnalyň ilkinji makalasynda «Milli Lider» we «Dünýäde ykrar edilen Lider» atly kitaplar barada aýratyn söhbet açylýar.
Žurnalyň täze sanynda 26-njy martda geçiriljek saýlawlardan söhbet açýan makala okyjylara hödürlenilipdir. Täsirli makalalaryň ýene birnäçesi 18-nji fewralda bellenilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanypdyr.
Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi türkmen ýaşlary tarapyndan hem oňyn seslenmä eýe boldy. Makala «Türkmen atşynaslygy ― gadymy akademiýa» diýlip atlandyrylýar.
«Ynamyňyzy yhlas bilen haklarys!» diýlip atlandyrylýan makalada halypalara gol beren ýaşlyk bilen ýaşlara nusgalyk ýol bolan halypalyk mekdebiniň sazlaşygy yzarlanylýar.
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekiliniň «Gadymy dünýäniň gadymy kitaphanalary» atly makalasy hem täsirliligi bilen özüne çekýär.
«Şirin hem Perhadyň gezen ýerleri» atly makalada ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki taryhy ýadygärliklerden söhbet açylýar.
Žurnalyň redaksiýasyna Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşinden gelip gowşan makala salamlaşmak edebinden söz açýar. Milli aňymyza çuňňur aralaşan bu edep milli mekdebimiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biridir
Okyjylara «Geljegiň hünärleri» atly makalany hem okamagy maslahat berýäris. Awtor bu hünärleriň her biri barada gyzykly maglumatlary paýlaşypdyr. «Ýaşlarda hünär saýlamak başarnygy» atly makala hem ugurdaş mazmunda ýazylyp, ýaşlaryň öňündäki iň wajyp wezipe babatynda käbir maslahat bilen ýüzlenýär. Rus dilindäki makalada bolsa kitapsöýüjilere maslahat berilýär.
«Biz seniň dostlaryň, ajaýyp tebigat!» atly rus dilindäki makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, ekologiýany goramak meselesine bagyşlanýar.
Heniz orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan Daşoguzly bagşy oglanjyk hakyndaky, enelerimiz baradaky makalalaryň hem okyjylaryň ünsüni özünde eglejekdigine ynanýarys. Aýdymçy Bahar Annaýewa bilen guralan söhbetdeşlikde onuň sungat ýoly hakda gürrüň berilýär.
«Açyş etmäge synanyşdyňyzmy?» atly makalada awtor ýaşlara gozgalýan mesele babatynda käbir maslahat bilen ýüzlenýär. Şeýle hem žurnalyň ikinji sanynda ýaş şahyr Gurbanmyrat Meredowyň täze goşgularyny okap bilersiňiz.
Žurnalyň sahypalarynda redaksiýanyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy ýerleşdirilipdir. Redaksiýa žurnalyň ilkinji sanynda yglan edilen «Ýaş waspçy» atly bäsleşigiň ýeňijisini hem okyjylar bilen tanyşdyrýar.


şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....