Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlanar

  • 08.03.2023 12:02
  • 15k+

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzer.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmäge borçly edildi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine, degişli edaralara, kärhanalara hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ikinji tapgyrda gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmäge borçly edildi.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......