Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk dowam edýär: dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

  • 07.03.2023 11:31
  • 10k+

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.
Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Häzirki wagtda merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy çap edildi, olaryň milli telewideniýedäki çykyşlary başlandy.
Ýakyn wagtda GDA-nyň synçylar topary işe girişer.
Saýlawlara taýýarlyk baradaky täze habarlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda çap edilýär.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......