Tesla 4 millionynjy elektrik awtoulagyny çykardy

  • 04.03.2023 13:46
  • 11k+

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Tesla, kompaniýa açylany bäri, dört millionynjy elektrik ulagyny çykarandygyny yglan etdi. Bu waka  awtoulag öndürijisiniň Tehasdaky zawodynda bolup geçdi.

Tesla  2008-nji ýylda iňlis sport awtoulagy Lotus Elise-iň bazasynda ilkinji Tesla Roadster elektrik awtoulagyny döretmekden 2020-nji ýylyň martynda  elektrik awtoulagynyň ilkinji million sanysyny çykarmaklyga çenli  çylşyrymly on iki ýyl gerek boldy.
Üç ýyldan soň Tesla ABŞ-da, Niderlandlarda, Şanhaýda we Berlinde ýerleşýän ägirt zawodlarynda ýene 3 million elektrik ulagyny öndürdi.
Täze kuwwatlyklaryň ýerleşdirilmegi netijesinde amerikan awtoulag öndürijisine 2022-nji ýylda 3 millionlyk çäkden geçenden soň, ýene 1 million awtoulag öndürmek üçin ýedi aý gerek boldy.
Häzirki wagtda Tesla ýylda, Tesla Semi awtoulaglaryny hem goşmak bilen, ýylda iki million töweregi elektrik ulagy öndürip biler. Tesla -yň ýolbaşçylygy täze maksat goýdy - dünýäde önümçiligi ýylda 20 million awtoulag artdyrmak. Munuň üçin Tesla takmynan 12 ägirt fabrika gerek bolar.


23.07.2025 15:08
5.5k+

Los-Anjelesde zarýad stansiýasy we retro-garbanyşhana bilen dünýäde ilkinji Tesla Diner toplumy açyldy

Los-Anjelesde zarýad stansiýasyny we 1950-nji ýyllaryň stilinde retro-futuristik garbanyşhanany özünde jemleýän dünýäde ilkinji Tesla Diner işläp başlady. Bu şäherde iň uly Tesla Supercharger toplumy bolup, onda NACS standartyny goldaýan ähli elektromobiller üçin 80 sany V4 zarýad porty elýeterlidir...

01.05.2025 20:04
9.1k+

WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy...

29.03.2025 05:44
2.9k+

Kaliforniýada elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp

Kaliforniýada häzirki wagtda elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany adaty ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp. 2025-nji ýylda infrastrukturany has hem giňeltmek meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik zarýad beriş...

28.01.2025 12:03
6.8k+

Ilon Maskyň kompaniýasy Las-Wegasda Tesla üçin täze “metro” açdy

Ilon Maskyň The Boring Company kompaniýasy Las-Wegasda tunelleriniň täze şahasyny açdy. Bu şaha Tesla awtoulaglaryna ýokarky ýolda ulag dykynlary we awtoulag duralgasynyň ýetmezçiligi sebäpli, 25 minut töweregi...