Heopsyň piramidasynda näbelli geçelge tapyldy

  • 04.03.2023 11:24
  • 38k+

Müsürdäki Heopsyň piramidasynda öň näbelli bolan täze geçelge tapyldy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministri Ahmed Isanyň sözlerine salgylanyp, Al-Ahram gazeti habar berýär.

Geçelgäniň uzynlygy — dokuz metr we ini - 2,1 metr. Ol 2015-nji ýylda başlanan Giza ýadygärliklerini skanirlemegiň barşynda tapyldy.
Isa bu işiň ministrligiň, Müsüriň gadymy ýadygärlikleriniň işi boýunça geňeşiniň we ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Kanadanyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylandygyny aýtdy.
Gizanyň piramidalar toplumynyň ýaşy 4500 ýyldan geçýär. Ol Kairiň golaýyndaky Nil derýasynyň günbatar kenaryndaky adybir platoda ýerleşýär we IV nesilşalygyň faraonlarynyň: Heopsyň, Hefreniň we Mikeriniň piramidalaryndan (takmynan 2639-2506-njy ýyllarda höküm sürýär) ybarat. 

Birinjiniň gubury (takmynan 2579-2556-njy ýyllarda ýaşap geçen faraon Hufu adynyň grek görnüşi) - üç Beýik Piramidanyň iň ulusy we gadymysydyr. Onuň asylky beýikligi 147 metr bolupdyr. Ol her biriniň ortaça agramy 2,5 tonna bolan 2,3 million hek daşyndan durýar. Faraonyň özüniň mumyýasy entek tapylmady.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....