Hytaý awiakompaniýasy Urumçydan Aşgabada gatnawlaryny dikeldýär

  • 04.03.2023 09:50
  • 16k+

28-nji martdan China Southern Airlines awiakompaniýasy Urumçy – Aşgabat – Urumçy ugry boýunça gatnawlaryny dikelder. Gatnawlar hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

Urumçy – Aşgabat ugry boýunça uçuşlar her hepdäniň sişenbe güni 22:20-de uçar, 23:30-da gonar. Yzyna Aşgabat – Urumçy ugry boýunça uçuş çarşenbe güni 01:00 amala aşyrylyp, 07:35-de gonar. Gonuş wagty hersi üçin ýerli wagt görkezilen.
Aşgabat – Urumçy ugry boýunça biletiň bahasy 678,60 USD (ekonom klas). Gidiş-gaýdyş bilelikde — 1129,30 USD.
Awiabiletleri awiakompaniýanyň resmi saýtyndan ýa-da Aşgabatdaky edarasyndan satyn alyp bolar.

Salgysy: Magtymguly şaýoly, 141/1, «Ak Altyn», 206.

 


10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......