Apple täze prosessorlary işläp taýýarlamak üçin 1 milliard ýewro maýa goýýar

  • 03.03.2023 23:59
  • 5.3k+

Apple ýakyn alty ýylda Mýunheniň çipleri işläp taýýarlaýan merkezine (Silicon Design Centre) 1 milliard ýewro maýa goýar. Bu baradaky habar korporasiýanyň resmi blogunda peýda boldy.

Apple Mýunheniň kompaniýanyň Ýewropadaky iň uly inženerçilik merkezidigini nygtaýar. Nemes hünärmenleri ençeme ýyl bäri Apple-iň dünýädäki müşderilerini begendirip gelýän täzelikçileriň bir bölegidir.

“Mýunhendäki inženerlerimiz ösüşiň öň hatarlarynda durýarlar we önümlerimizde ulanýan täze tehnologiýalarymyzy ösdürmäge kömek edýärler. Apple Mýunhende 40 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, ýöne geljekde bu ýerde boljak gowulyklar üçin şeýle çyndan tolgunan  wagtymyz bolmandy " – diýip, Apple-iň baş direktory Tim Kuk mälim etdi.

Kompaniýa bölünip berlen serişdeleriň Zaýdel Ştrassdaky "ultrahäzirkizaman gözleg merkezini" ösdürmek we gurmak üçin sarp ediljekdigini aýtdy. Onda hususan-da, laboratoriýa meýdançasy we häzirki zaman dizaýn merkezi ýerleşer.
Geçmişde Mýunheniň gözlegçileriniň Apple tehnologiýasynyň ösmegine eýýäm uly goşant goşandyklary bellenildi. Mysal üçin, nemes inženerleri M2 seriýaly prosessorlary, käbir güýç dolandyryjylaryny we öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny döretdiler.

 


24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 10:26
815

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......