BSGG dünýäde COVID-19 bilen keselleme ýagdaýynyň 76% peselendigini habar berdi

  • 03.03.2023 11:40
  • 7.7k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 bilen keselleýänleriň sanynyň 76 göterim azalandygyny habar berdi.

Ýokanç sebäpli ýogalýanlaryň sany hem azaldy. Pese gaçyş 66 göterim boldy.
Guramanyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan 26-njy fewraly aralygynda takmynan 4,8 million sany täze kesellän we 39 müňden gowrak ölüm hasaba alyndy, bu ondan öňki dört hepde bilen deňeşdirilende, degişlilikde 76 göterim we 66 göterim azdyr.
26-njy fewralda dünýäde 758 milliondan gowrak koronawirus ýokançlygy bilen keselläniň hasaba alnandygy we 6,8 milliondan gowrak adamyň ýogalandygy mälim edildi.


düýn 12:08
5.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......