BMW 2030-njy ýyla çenli wodorod awtoulaglaryny önümçiligini ýola goýar

  • 02.03.2023 10:29
  • 11k+

Germaniýanyň BMW konserni içerki ýangyç hereketlendirijisi bolan awtoulaglardan kem-kemden ýüz öwürmegiň çäklerinde hiç hili  zyňyndysy bolmadyk wodorod ýangyjynyň elementleri bilen işleýän awtoulaglara bil baglar. Şu onýyllygyň ahyryna çenli “ýaşyl” awtoulaglaryň yzygiderli önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu sözleri BMW tehnologiýasynyň bölüm başlygy Ýurgen Guldner aýtdy diýip, The Times ýazýar. "Wodorodyň geljegine ynanýaryn" - diýip, Guldner wodorod bilen işleýän BMW iX5 Hydrogen  wnedorožniginiň köpçülikleýin öndürilmeginiň geljegi barada aýdanda ýatlady.
X5 esasly wodorod krossoweri bolan iX5  Hydrogen-niň   prototipi nemes kompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylda hödürlenipdi. Enjam pol tunelinde oturdylan iki ballon bilen enjamlaşdyrylandyr. Baklary 700 bar basyşda alty kilogram wodorod bilen dolduryp bolýar. Şol bir wagtyň özünde, iX5  Hydrogen-niň  daşky görnüşi we salony içki ýangyç hereketlendirijili X5-den tapawudy ýok diýen ýaly.
Wodorod ýangyjynyň elektrik batareýalaryndan esasy artykmaçlygy — ýangyjy tiz guýup bolýar. Owal BMW-niň satuw bölüminiň başlygy Piter Nota wodorod awtoulagyna üç-dört minutda ýangyç guýup boljakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda Ýewropada diňe iki sany wodorod ýangyç elementlerinde işleýän awtoulag modeli bar: Toyota Mirai we Hyundai Nexo. Neşir BMW-iň sebitdäki ilkinji wodorod awtoulag öndürijisi bolup biljekdigini belleýär.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......