Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara 14872 sany dalaşgär bellige alyndy

  • 01.03.2023 12:03
  • 16k+

Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna 14872 sany dalaşgär hödürlendi we bellige alyndy. 28-nji fewralda dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.

26-njy martda geçiriljek saýlawlarda milli parlamentiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bar.
25-nji marta çenli saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat çärelerini we saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek işleri dowam eder.
Ähli okruglarda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlendi. Saýlawlara Demokratik partiýadan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýasyndan 3576, raýatlar toparyndan 4532 dalaşgär görkezildi.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş we wekilçilikli häkimiýet edaralarynda dalaşgärleriň saýlawçylary bilen duşuşyklary başlanar.
Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-sini saýlamaly. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary okruglaryň 960-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa okruglaryň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredildi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......